Viktor & Rolf moda öýi Disney multfilminiň 75 ýyllygyna bagyşlap Zoluşka gurjagyny döretdi

  • 22.01.2026 23:30
  • 2.3k+

Viktor & Rolf moda öýi Disney we Mattel kompaniýasy bilen bilelikde çäkli sanda kolleksiýa üçin niýetlenen Zoluşka gurjagyny döretdi. Onuň tanyşdyrylyşy 21-nji ýanwarda Parižde geçirildi diýip, WWD habar berýär.

Gurjagyň obrazy Viktor & Rolf-yň 2019-njy ýylyň ýaz-tomuz möwsüminiň kutýur kolleksiýasyna esaslanýar. Zoluşka I came, I saw, I left early («Men geldim, gördüm, ir gitdim») ýazgyly mawy týul köýnegi geýen. Topluma telefon we hrustal köwüş hem girýär.
Gurjagyň çykarylmagy Disney-iň adybir animasion filminiň 75 ýyllygyna bagyşlandy. Onuň bahasy 125 dollar.
Mundan başga-da, 24-nji ýanwarda Hulu platformasynda bu hyzmatdaşlyga bagyşlanan 30 minutlyk dokumental film çykar.
Ozal Mattel autizmli Barbi gurjagyny hödürledi. Topluma nauşnik, spinner we planşet girdi, gurjagyň gözleri bolsa sähel bir tarapa bakýar. 


11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....