Mattel kompaniýasy autizmli Barbi gurjagyny hödürledi

  • 14.01.2026 11:00
  • 2.4k+

Mattel amerikan kompaniýasy autizm spektriniň bozulmasy (ASB) bolan ilkinji Barbini hödürledi – gurjagyň sesi basyp ýatyrýan nauşnigi, spinneri we alternatiw aragatnaşyk üçin programmalary bolan planşeti bar.

Täze gurjak tirsegi we bilegi has gowy hereket eder ýaly ýagdaýda ýasaldy. Kompaniýa autizmli adamlar üçin el bilen hereketiň daşky dünýäni has gowy kabul etmäge we öz duýgularyny görkezmäge kömek edýändigini belledi. Gurjagyň gözleri birneme gapdala bakýar, bu bolsa autizmli käbir adamlar üçin mahsus bolan göni wizual aragatnaşykdan gaça durmagy aňladýar.
Täze gurjak hataryny döretmek üçin Mattel autizmli adamlaryň bähbitlerini goramak bilen meşgullanýan Autistic Self Advocacy Network (ASAN) amerikan täjirçilik däl guramasy bilen işledi. Kompaniýa hyzmatdaşlygyň gurjagy has hakyky ýaly etmäge we autizmli adamlaryň özüni alyp baryş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmaga kömek edendigini belleýär.
Gurjak has giň Barbie hatarynyň bir bölegidir. Mattel dürli fiziki we psihologiki aýratynlyklaryň üsti bilen çagalaryň we uly adamlaryň dürlüdigini görkezmäge ymtylýar. 

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
948

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......