Dünýäniň iň güýçli radioteleskopy Älemi öňküsindenem has içgin «synlap» başlar

  • 23.01.2026 20:18
  • 2.8k+

Dünýäniň iň güýçli radioteleskopy bolan Atacama Large Millimeter Array (ALMA) 145 täze kriogen signal güýçlendirijisini aldy. Gallium indium arsenid çiplerinde gurlan bu teleskoplar galmagaly köpeltmezden, signaly 300 esse güýçlendirýär.
Täzelenmegiň netijesinde enjam iň gowşak kosmiki signallary hem ýazga alyp biler, bu bolsa Älem ýaşaýşynyň irki tapgyrlaryny öwrenmek üçin möhümdir.
Çilidäki ALMA toplumy Uly partlamadan soňky ilkinji 100 million ýylyň dowamynda Älemi synlamak üçin niýetlenendir. Teleskopyň radiodiapazony optiki we infragyzyl diapazonlarda tutup bolmaýan sowuk gazy we tozany anyklamaga mümkinçilik berýär. Taslama Ýewropada ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň gatnaşmagynda işlenip düzüldi.
Täze güýçlendirijiler öň ýeterlik derejede abzallaşdyrylmadyk 67–116 GGs ýygylyk diapazonynda işleýär. Olar Fraungofer amaly fizika institutynyň we Maks Plank radioastronomiýa institutynyň fizikleri tarapyndan işlenip düzüldi. mHEMT tranzistorlaryna esaslanýan MMIC tehnologiýasy galmagalyň iň pes  we signalyň iň güýçli bolmagyny üpjün edýär.
Olaryň kömegi bilen alymlar sowuk ýyldyzara gurşawy, protoplanetar diskleri öwrenip, çylşyrymly organiki molekulalary — ýaşaýşyň mümkin bolan öňbaşçylaryny — gözläp bilerler, bu bolsa ýyldyzlaryň, planetalaryň emele gelmegi we Älemde ýaşaýşyň döremegi üçin şertler baradaky düşünjämizi giňelder.

 


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......