Dolce & Gabbana-nyň modelleri Milandaky görkezilişde adaty tomaşaçylaryň arasyndan ýöräp çykdylar

  • 23.01.2026 15:08
  • 3.2k+

Milanda Erkekler modasynyň hepdeligi öz işine başlady. Bu möwsümde moda hepdeliginiň maksatnamasynda 76 sany çäre meýilleşdirildi. Instagram-daky Lyst neşiriniň habar bermegine görä, hepdeligiň başynda iň täsirli pursatlaryň biri — «Dolce & Gabbana» brendiniň garaşylmadyk konsepsiýaly görkezilişi boldy.

Dizaýnerler bu gezekki görkezilişde sahna bilen tomaşaçylaryň oturýan ýeriniň arasyndaky araçägi wizual taýdan aýyrdylar. Brendiň täsin oýlap tapan usulyna görä, modeller adaty myhmanlaryň arasynda oturdylar we garaşylmadyk pursatda ýerlerinden galyp, podiuma çykyp başladylar.
Bu geň galdyryjy usul sosial ulgamlarda uly gyzyklanma döretdi. Tomaşaçylar öz teswirlerinde: «Eger ýanymda oturan adam birden ýerinden galyp sahna ýöräp gitse, biraz gorkardym, ýöne munda üýtgeşik bir zat bar», «Örän täzeçe görünýär», «Ajaýyp pikir» ýaly sözleri ýazýarlar.
Domeniko Dolçe we Stefano Gabbana täze erkekler kolleksiýasynda mertligiň dürli keşplerine — «ortaýer deňziniň bezemeni» we «intellektual işewürden» başlap, «kaşaň türgene» we hatda «gangstere» çenli ýüzlendiler. Kolleksiýanyň esasynda anyk kesilen we tikilen biçüwler, dürli detallaryň utgaşmasy hem-de sütükli derileriň ulanylmagy ýatyr.

11.06.2026 13:03
6.8k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....