Er-Riýadda Kibersport boýunça dünýä kubogynyň baýrak gaznasy rekord 75 million dollar bolar

  • 23.01.2026 15:47
  • 3.2k+

2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 23-nji awgusty aralygynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriljek Kibersport boýunça dünýä kubogynyň (Esports World Cup, EWC) baýrak gaznasy rekord derejä — 75 million dollara ýeter. Bu barada ýaryşyň guramaçylary resmi habar berdiler.

Ýaryşa 100-den gowrak ýurtdan 2000-den gowrak oýunçy we 200 klub gatnaşar. Ol 7 hepdeläp dowam eder.
24 ugur boýunça 25 sany aýry-aýry ýaryş bolar.
Guramaçylar ägirt uly serişdäni aşakdaky ýaly paýlamagy meýilleşdirýärler:

  1. EWC Club Championship (Klublaryň arasyndaky ýaryş): Iň gowy 24 klubuň arasynda 30 million dollar paýlanar. Birinji orny eýelän klub 7 million dollar baýrak alar.
  2. Şahsy oýun ýaryşlary: Her bir oýun boýunça geçiriljek aýratyn ýaryşlaryň umumy baýrak gaznasy 39 million dollardan gowrak bolar.
  3. Goşmaça sylaglar: Galan serişdeler saýlama ýaryşlaryň ýeňijileri we iň oňat oýunçylar (MVP) üçin goşmaça höweslendirmelere sarp ediler.

Bu ýylky dünýä kubogyna dünýäniň iň meşhur oýunlary we hatda akyl sportunyň şasy bolan küşt hem girizildi:

  • Atyşyk oýunlary: CS 2, Valorant, Call of Duty, PUBG, Rainbow Six Siege.
  • MOBA: Dota 2, League of Legends, Mobile Legends, Honor of Kings.
  • Sport we söweş: EA Sports FC 26, Street Fighter 6, Tekken 8, Rocket League.
  • Strategiýa we beýlekiler: Teamfight Tactics, Küşt, Fortnite, Apex Legends.

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...

06.02.2026 17:57
8.1k+

Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy

Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy...

06.06.2025 09:27
11k+

Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy

Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi. “Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy...