ChatGPT-ni döreden kompaniýa millardlap ýitgiden soň baryp 2029-njy ýylda girdejä çykyp biler

  • 23.01.2026 14:48
  • 1.7k+

OpenAI 2029-njy ýylda 14 mlrd dollar möçberde arassa girdejä çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Information neşirine salgylanyp, PC Gamer portaly habar berýär.

Işläp düzüjiniň içerki resminamalaryna görä, 2023-nji ýyldan 2028-nji ýyl aralygynda garaşylýan umumy ýitgiler 44 mlrd dollar bolar, ýitgileriň iň ýokary derejesi bolsa 2026-njy ýyla düşüp, 14 mlrd dollara ýeter.
2029-njy ýyla çenli gurama ýyllyk girdejini 100 mlrd dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu strategiýany durmuşa geçirmek üçin OpenAI häzirki onýyllygyň ahyryna çenli 200 mlrd dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Bu serişdeleriň 60% – 80%-i emeli aň modelleriniň okadylmagyna we tehniki ulanylyşyna gönükdiriler.
Göz öňünde tutulýan girdejileriň ýarysyndan gowragyny ChatGPT çat-boty üpjün eder diýlip garaşylýar. Işläp düzüjiler üçin API-niň satuwy, takmynan, 20% bolar, ýene 20% gözleglerden, wideo döretmekden we EA kömekçilerinden geler.  
Şol bir wagtyň özünde, maliýe hasabatyndan görnüşi ýaly, OpenAI-iň soňky maliýe ýylynyň birinji ýarymynda çykdajylary bary-ýogy 340 mln dollar boldy. Resminamada häzirki çykdajy derejesinden milliardlarça ýitgi baradaky çaklamanyň nädip alynýandygy görkezilmeýär. 


03.03.2026 13:28
552

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

22.02.2026 17:17
2.4k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...

02.02.2026 08:40
2.1k+

ChatGPT-däki mahabat Meta-dan üç esse gymmat bolar. Ýöne...

OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar...

31.01.2026 09:16
944

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...