«Bize salgyt salyň!»: baýlar tüçjar baýlaryň salgytlaryny ýokarlandyrmaga çagyrýar

  • 22.01.2026 23:42
  • 8.5k+

24 ýurtdan 400-e golaý millioner dünýä liderlerine milliarderleriň salgytlaryny ýokarlandyrmak haýyşy bilen ýüzlendiler. «Ýeňmegiň wagty» atly açyk hat Dawosdaky Bütindünýä ykdysady gorumyna gatnaşyjylara niýetlenildi.

Açyk hata gol çekenleriň arasynda aktýor we režissýor Mark Ruffalo, sazanda Braýan Eno we kino prodýuseri we haýyr-sahawatçy Abigeýl Disneý bar. Hatyň awtorlary dünýä ilatynyň 1% -iniň umumylykda adamlaryň 95% -inden has köp baýlyga eýedigini belläp, bu tapawudyň artmagyny dowam etdirýändigini ýanjaýarlar.
Hatyň mazmunynda şeýle baýlygyň aşa köp jemlenmeginiň demokratiýalary gowşadýandygy, garyplygy, sosial çetleşdirilişi artdyrýandygy we ekologiýa meselelerini has-da güýçlendirýändigi aýdylýar. Gol çekenler jemgyýetiň «kertiň gyrasynda howply deňagramlylygy» saklajak bolşuny görmekden ýadandyklaryny aýdýarlar we syýasatçylary söze bile baglaman, anyk hereketlere geçmäge çagyrýarlar.
Açyk hatda «Biz muny ähli adamlar bilen egin-egne durýan millionerler hökmünde talap edýäris. Saýlanan wekillerimiz bolan siz – ýerli geňeş agzalary, şäher häkimleri we sebitleýin ýolbaşçylar, hatda Dawosda bolsaňyzam, bulary ýerine ýetirmäge borçlusyňyz. Şonuň üçin bize-de, tüçjar baýlara-da salgyt salyň» diýlip, degişli wekillere talap bilen ýüzlenilýär.
Oxfam haýyr-sahawat guramasynyň maglumatlaryna görä, milliarderleriň umumy baýlygy 2025-nji ýylda 16% artyp, 18,3 trillion dollara ýeter. Dünýäniň iň baý adamlarynyň 2025-nji ýylda ösüş depgininiň geçen ýyl bilen deňeşdirilende üç esse ýokary bolandygy hem öň habar berlipdi.

düýn 23:57
917

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
6.5k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....