Clair Obscur: Expedition 33 taryhda iň köp baýrak alan oýun boldy

  • 23.01.2026 11:17
  • 1.9k+

«Sandfall Interactive» fransuz studiýasy tarapyndan döredilen fentezi görnüşli Clair Obscur: Expedition 33 oýny, baýraklarynyň sany boýunça meşhur «Elden Ring» oýnuny yzda galdyryp, taryhda iň köp baýrak alan taslama öwrüldi.

«ResetEra» forumynyň seljermelerine görä, bu oýun bir ýylyň dowamynda jemi 436 sany «Ýylyň oýny» (Game of the Year) baýragyna mynasyp boldy. Mundan ozalky rekord 435 baýrak bilen «FromSoftware» kompaniýasynyň «Elden Ring» taslamasyna degişlidi.
311 baýrak — ýöriteleşdirilen neşirlerden we hünärmenlerden, 125 baýrak bolsa ulanyjylaryň ses bermeginiň netijesinde gazanyldy.
2025-nji ýylyň baýrak möwsüminde «Expedition 33» ähli yglan edilen «Ýylyň oýny» titullarynyň 70,5%-ini gazanmagy başardy. Oýun eýýäm The Game Awards 2025 we Golden Joystick Awards 2025 ýaly abraýly ýaryşlarda ýeňiji boldy. Indi bolsa ol DICE Awards 2026, GDC Awards 2026 we BAFTA Games Awards baýraklaryna dalaşgärlik edýär. Eger bu baýraklary hem alsa, ol «Baldur’s Gate 3» oýnunyň bäş sany esasy pudak baýragyny almak boýunça rekordyna deňleşer.
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde PC, PlayStation 5 we Xbox Series X|S üçin çykarylan oýun gysga wagtyň dowamynda 5 milliondan gowrak nusgada satyldy. Taslamanyň şowly çykmagy hatda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň hem ünsüni çekdi we ol oýun barada öwgüli sözleri aýtdy.


11.06.2026 10:59
7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....