«Tagt oýunlarynyň» ruhy dowamy: «Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna ilkinji seslenmeler

  • 23.01.2026 18:28
  • 3.2k+

«Buzuň we oduň aýdymy» äleminde täze sahypa açyldy: 19-njy ýanwarda «Ýedi patyşalygyň rysary» (A Knight of the Seven Kingdoms) serialynyň ilkinji bölümi ekrana çykdy. Jemi 30 minut dowam edýän birinji bölüm eýýäm tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy.

Serial Beýik rysar Dunkan we geljekde patyşa boljak onuň ýarag göterijisi Eýegon Targariýen barada gürrüň berýär. Premýeradan sanlyja gün geçmegine garamazdan, IMDb portalynda oňa 10 baldan 8,7 bal berildi.
Tomaşaçylar bu täze taslamanyň «Tagt oýunlary» we «Aždarhanyň öýi» ýaly beýleki seriallardan ep-esli tapawutlanýandygyny belleýärler:

  • Aždarhasyz we partlamasyz: "Bu asuda premýera. Aždarhalar ýok, partlamalar ýok. Ýöne Westeros ýene-de "dem alýar". Dialoglar ýene-de ähmiýetli, dymmak bolsa köp zady aňladýar" diýip, tomaşaçylaryň biri ýazýar.
  • Has ýakyn we has mähirli: synçylaryň pikirine görä, serial uly söweşlere däl-de, gahrymanlaryň häsiýetlerine we olaryň syýahatyna üns berýär. Ulanyjylar sýužetiň mähirliligi, degişmeleri we şol bir wagtyň özünde dünýäniň zabun hakykatlaryny saklap galyşyny öwýärler.

Serial jemi 6 bölümden ybarat bolar. Ikinji bölümiň 26-njy ýanwarda çykmagyna garaşylýar. Jemi alty hepde dowam etjek bu syýahat 22-nji fewralda final bölümi bilen tamamlanar.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....