Solak mawy we garamtyl garaly: Pinterest 2026-njy ýylyň iň moda reňklerini saýlady

  • 23.01.2026 20:10
  • 1.7k+

Pinterest platformasynyň seljerijileri 2026-njy ýylda trendde boljagy çaklanylýan reňkleriň sanawyny çap etdiler. Olaryň pikirine görä, bu ýyl solak mawy, nefrit we garamtyl garaly reňkleri öňe çykar.
Kompaniýa asuda we öçügsi reňkleriň meşhurlygyny kem-kemden ýitirýändigini belleýär.

Pinterest-iň bilermenleri bu üýtgeşmäni ulanyjylaryň keýpiniň üýtgemegi we olaryň has batyrgaý wizual çözgütleri kabul etmäge bolan höwesi bilen baglaýarlar.
"Uzak wagtlap adamlar parahat hem bitarap bolmagy iň howpsuz çözgüt hasaplaýardylar. Indi olar has köp zada taýýar. Pinterest-iň palitrasy — bu hyjuwlaryň we özüňi synap görmäge taýýarlygyň beýanydyr" diýip, bilermenler düşündirdiler.


2025-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda Pantone Reňk uniwersiteti reňk trendleri baradaky öz garaýşyny hödürläpdi. Şonda olar ak-bulut reňkini 2026-njy ýylyň esasy trendi diýip atlandyrypdy. Pantone bu saýlawyny köp adamyň doýgun we agyr reňklerden bizar bolandygyny we has asuda wizual çözgütleri gözleýändigini aýtmak bilen düşündirdi.

 

11.06.2026 13:03
6.8k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....