14k+

Türkmenistan BMG-niň Awazadaky maslahatynyň ilkinji gatnaşyjylaryny kabul edip başlady

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary we beýleki myhmanlary kabul edýär. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde foruma gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy milli däplerine laýyklykda garşylanylýar...

6.2k+

Ženewada Türkmenistanyň we Mawritaniýanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

30-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-mawritan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy...

5.3k+

Türkmen taekwandoçysy Alyhan Maksadow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

23-29-njy iýul aralygynda Malaýziýada Kuçing şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda taekwondo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi, onda 44 ýurduň türgenleri gatnaşdylar. Bu ýaryşda türkmen türgeni Alyhan Maksadow 33 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy...

5.2k+

TikTok ýetginjekleriň akkauntlaryna ene-ata gözegçiligini güýçlendirdi

TikTok ene-ata gözegçiligini güýçlendirýän täze funksiýalary işjeňleşdirdi. Bu barada TechCrunch portaly habar berdi. Täzelikleriň arasynda ene-atalaryň akkauntyny 16-17 ýaşyndaky ýetginjegiň akkaunty bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýän Pairing funksiýasy bar...

8.3k+

Jastin Timberleýkde Laýma keseli ýüze çykaryldy

Amerikaly aýdymçy Jastin Timberleýke Laýma keseli diagnozy goýuldy. Bu barada ol Instagram sahypasynda habar berdi diýip, Variety belleýär. Sazanda konsertleri döwründe güýçli beden agyrysyny (newralgiýa), ýadawlygy we ýürek bulanmany başdan geçirendigini belledi...

5.2k+

Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy

Angliýanyň “Mançester Siti” futbol klubunyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy. Futbolçy neşiriň täze sanynyň daşyny X sosial ulgamynda paýlaşdy. Suratda Holand ellerini kellesiniň yzynda goýan görnüşde dur we “GOLA GÖNÜKDIRILEN” (GOAL ORIENTED) ýazgysy bar...

1.5k+

Tailandyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Tailand Patyşalygynyň ýurdumyzdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan ilçisi Apirat Sugondhabhir bilen duşuşdy. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýardy...

7.7k+

Gazagystanyň Prezidenti Awazadaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar...

4.3k+

“Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldana Cartier-iň ilçisi boldy

Cartier öýi amerikan-dominikan aktrisasy we “Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldanany özüniň täze global ilçisi diýip yglan etdi. Bu barada şaý-sepler öýüniň uly wise-prezidenti we marketing boýunça müdiri Arno Karrez WWD neşirine habar berdi...

7.7k+

Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy

Arheologlar Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan täze desgany tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berdi. Gazuw-agtaryş işleri Çanakkale şäherindäki 18-nji mart uniwersitetinden dosent Sawaş Sarialtunyň ýolbaşçylygynda Çaýönü depesinde alnyp barylýar...

1.7k+

Apple iOS 26-dan öň soňky uly täzelenmäni – iOS 18.6-ny çykardy

Apple iPhone üçin iOS 18.6-ny hödürledi. Täzelenme möhüm düzedişleri we howpsuzlyk kämilleşdirmelerini öz içine alýar. Bu 2025-nji ýylyň sentýabrynda iOS 26 çykmazdan ozal, ulgamyň soňky uly täzelenmesi bolsa gerek diýip, 9to5mac ýazýar...

4.1k+

Hanym Týusso muzeýi Teýlor Swiftiň bir wagtyň özünde 13 heýkelini döretdi

Hanym Týusso muzeýi dört yklymyň 13 şäherinde Teýlor Swiftiň mumdan ýasalan 13 sany täze heýkelini hödürledi. Bu muzeýiň 250 ýyllyk taryhynda iň uly taslama boldy. Bu başlangyç aýdymçynyň aýdym-saz taryhynda iň girdejili bolan The Eras Tour konsert syýahatynyň tamamlanmagyna bagyşlanýar...

6.9k+

Tramp onlarça ýurtlar üçin anyklaşdyrylan import paçlaryny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp onlarça ýurtlar babatda import paçlaryny girizmek hakynda permana gol çekdi diýlip, Ak tamyň saýtynda habar berilýär. CNN-iň belleýşi ýaly, resminama ahyrky möhletiň gutarmagyna – 1-nji awgusta birnäçe sagat galanda kabul edildi...

5.3k+

Gucci modalar öýüniň amal girdejisi 52% azaldy

Fransiýanyň Kering holding kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň maliýe netijelerini neşir etdi. Holdinge Gucci, Yves Saint Laurent, Balenciaga, Bottega Veneta, Alexander McQueen ýaly modalar öýleri we beýleki brendler degişli...

7.2k+

Millionlarça dollara durýan aýfonlar: Sotheby's taryhda iň gymmat smartfonlar barada gürrüň berdi

“Sotheby's” auksion öýi bahasy millionlarça dollar durýan dünýäniň iň gymmat smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi. Gürrüň gymmat bahaly daşlar bilen bezelip, elde ýasalan modeller hakda barýar. Bu enjamlar diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl-de, eýsem kolleksionirlemegiň we maýa goýmagyň serişdesi hem hasaplanýar diýip, Sotheby’s International Realty portaly ýazýar...

5.8k+

Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy

Gün ulgamynda adaty bolmadyk asman jisimi tapyldy. 2020 VN40 diýlip atlandyrylýan bu trans-neptun obýekti 1648 Ýer ýylyna barabar wagtda Günüň töwereginden doly aýlanyp çykýar. Bu barada Garward-Smitsonow institutynyň  Astrofizika merkeziniň barlagçylary habar berdiler...

3.9k+

Tom Holland täze Prada Paradigme erkekler parfýumynyň ýüzi boldy

Aktýor Tom Holland Prada Paradigme atly  erkekler üçin täze parfýumyň resmi ýüzi hökmünde saýlandy. Täze ys dünýä bazarynda duşenbe güni satuwa çykarylýar. Holland bu atyr bilen baglanyşykly beren interwýusynda parfýum saýlamakdaky garaýyşlaryny paýlaşdy: «Maňa sada zatlar ýaraýar» diýip, aktýor aýtdy...

2.5k+

Telegram-da täzelenmeden soň global näsazlyk bolup geçdi

31-nji iýulda agşam birnäçe ýurtda Telegram ulanyjylary messenjeriň işlemeginde näsazlyklaryň ýüze çykandygyny habar berdiler. Muny Downdetector hyzmatynyň maglumatlary tassyklaýar. Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Germaniýada we beýleki ýurtlarda ulanyjylar serwere birikmekde we akkaunta girmeginde kynçylyk çekendiklerini belläp geçdiler...