Hyundai we Kia ulagyň töweregindäki obýektleri galtaşyksyz anyklaýan ulgamyny tanyşdyrdy

  • 03.02.2026 11:19
  • 3.3k+

Hyundai Motor Company we Kia Corporation kompaniýalary daş-töwerekdäki obýektlere hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmek üçin ultra giň zolakly aragatnaşyk (UWB) tehnologiýasyna esaslanýan «Vision Pulse» howpsuzlyk ulgamyny işläp düzdüler.

Täze toplum 100 metr aralykdaky päsgelçilikleriň we adamlaryň ýerleşýän ýerini 10 sm takyklyk bilen kesgitlemäge ukyplydyr.
Ulgam awtoulagyň modullary bilen oňa laýyk gelýän ykjam enjamlaryň arasyndaky özara signal çalşygyna esaslanýar.
«Vision Pulse» gijeki wagtda we ýaramaz howa şertlerinde öz netijeliligini 99% derejesinde saklaýar. Signalyň gijikdirilme wagty bary-ýogy 1–5 ms aralygyndadyr.
Bu innowasiýanyň iň uly aýratynlygy — «Digital Key 2» (sanly açar) ulgamy bolan ulaglara goşmaça enjam gurnamagyň zerurlygy ýokdur.
Bu täzelik sürüjä kömekçi ulgamlarda (ADAS) ulanylýan lidarlaryň we radarlaryň ornuny bölekleýin eýelemäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda tehnologiýa Kia-nyň Hwasondaky merkezinde ýük göteriji tehnikalaryň gatnaşmagyndaky hadysalaryň öňüni almak üçin synagdan geçirilýär. Indiki synaglaryň bolsa Busan portunda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu ulgamyň seriýalaýyn öndürilýän awtoulaglara haçan ornaşdyryljakdygy barada häzirlikçe takyk maglumat berilmedi.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....