Infarkt bilen iş gutaranok: ýüregiň bellibir derejede gutulyp bilýänligi anyklanyldy

  • 02.02.2026 18:06
  • 5.8k+

Awstraliýaly alymlar infarktdan soň adamyň ýüreginiň täze ýürek myşsalarynyň öýjüklerini emele getirip bilýändigini ýüze çykardylar. Bu, organyň doly dikelmegi diýmek bolmasa-da, şeýle ýagdaýda ýüregiň diňe çat açmak bilen çäklenmeýändigi baradaky möhüm hem teselli beriji täzelikdir.
Infarkt wagtynda adamyň gan aýlanyşygy bozulýar we kislorod ýetmezçiligi sebäpli ýürek öýjükleri ölýär. Organizm şikeslenen ýeri gysylmaga ukypsyz çatlan dokumasy bilen ýapýar, netijede ýüregiň işlemegi kynlaşýar. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý gaýtalanýan tutgaýlara we ýürek ýetmezçiligine eltip bilýär.
Mundan ozal, syçanlarda dokumalaryň täzelenmegi yzygiderli subut edilse-de ynsanyň ýürek öýjükleriniň şikesden soň bölünmegi tas mümkin däl diýlip hasaplanýardy. Täze barlag bolsa bu bölünmäniň adamda hem bolup geçýändigini aýan etdi.
Alymlar barlagda beýni ölümi hasaba alnan adamyň donorlyk ýüregini we şuntirleme operasiýasyny geçiren näsaglaryň dokuma nusgalaryny öwrendiler. Olar genleriň işjeňligini, beloklary we madda çalşygyny seljerdiler. Gan bilen üpjünçiligi pes bolan dokumalarda alymlar öýjükleriň bölünme alamatlaryny we ozal diňe gemrijilerde geçirilen barlaglardan mälim bolan molekulýar yzlary tapdylar.
Işiň awtorlary täze öýjükleriň tebigy usulda emele gelmeginiň infarktdan soň ýüregi doly dikeltmek üçin ýeterlik däldigini nygtaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu netijeler şol prosesi güýçlendirip biljek bejergi usullaryny işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Ylmy iş Circulation Research žurnalynda çap edildi.


09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....