Dikuçaryň ganatyny uçuş wagtynda üýtgedýän nurbat synagdan üstünlikli geçdi

  • 02.02.2026 21:53
  • 4.6k+

Germaniýanyň awiasiýa we kosmos merkeziniň (DLR) alymlary dikuçaryň ganatyny göni uçuş wagtynda üýtgedýän täze nurbaty üstünlikli synagdan geçirdiler.
Aerodinamiki turbadaky synaglar bu täze tehnologiýanyň dikuçar gonan wagty galmagaly 7 desibel azaldýandygyny we agram düşen wagty titremäni iki esse peseldýändigini subut etdi.
DLR-iň hünärmenleriniň düşündirmegine görä, synagyň dowamynda ganatlaryň ýüzüne ýörite elektrikli hereketlendirijileri gurnaldy. Olaryň täsiri bilen dikuçaryň uçuş wagtynda ganatlarynyň gyşaryş derejesi üýtgedilip, uçuş bökdençsiz amala aşyryldy.  Olar bu gurluşda çylşyrymly mehaniki bölekleriň ýokdugynyň ulgamyň has durnukly işlemegine sebäp bolýandygyny nygtaýarlar.
Bu täzeçillik adaty dikuçarlary we geljekde şäher içinde gatnajak «howa taksilerini» kämilleşdirmek üçin niýetlenen. Galmagalyň we sarsgynyň peselmegi netijesinde, bu uçuş enjamlaryny ilatyň gür ýaşaýan ýerlerinde hem arkaýyn ulanmak mümkin bolar.

 


şu gün 12:29
808

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

şu gün 08:07
1k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

şu gün 07:51
1.4k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

düýn 11:23
3.3k+

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......