Smartfonlaryň ortaça bahasy ilkinji gezek 400 dollardan geçdi

  • 02.02.2026 16:26
  • 2.9k+

2025-nji ýylyň ahyrynda dünýäniň smartfon bazary täze enjamlaryň ortaça bahasy boýunça ilkinji gezek 400 dollar görkezijisinden geçdi. Bu barada Counterpoint Research kompaniýasynyň analitikleri habar berýär.
Satuwyň mukdar taýdan ösüşi bary-ýogy 4% bolan hem bolsa, öndürijileriň umumy girdejisi rekord 135 mlrd dollara ýetdi. Bu ösüş haryt üpjünçiliginiň artmagy bilen däl-de, satylan her bir smartfonyň ortaça bahasynyň gymmatlamagy bilen baglanyşyklydyr.
2025-nji ýylda bazaryň lideri Apple boldy. Kompaniýa dördünji çärýekde dünýä bazarynyň 57%-ine eýeledi. iPhone 16 we iPhone 17 smartfonlaryna, şeýle hem Pro Max wersiýasyna bolan ýokary isleg girdejini 11% artdyryp, 76 mlrd dollara ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Samsung bazara iberilen smartfonlaryň sanyny 17% artdyryp, iň ýokary ösüşi görkezdi, emma enjamlaryň ortaça bahasy 20% peseldi. Kompaniýa Roždestwo satuwy döwründe esasy ünsi Galaxy A seriýasyna gönükdirdi. Umumy girdeji bolsa Galaxy S25 flagmanynyň we eplenýän Z Fold7 modeliniň hasabyna 12% ýokarlandy.
Oppo kompaniýasynyň girdejisi Reno 14 we Find smartfonlarynyň netijesinde 23% ýokarlandy. Xiaomi-niň girdejisi we satuwy operatiw hem fleş-ýatlaryň bahasynyň gymmatlamagy sebäpli, takmynan, 10% peseldi, bu ýagdaý arzan modelleriň girdejililigini azaltdy.
Analitikleriň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylda emeli aň funksiýalarynyň goşulmagy we ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli smartfonlar gymmatlamagyny dowam etdirer.


düýn 23:04
1.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.3k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....