Ýapon alymlary Nipah wirusyna garşy sanjym döretdi: ol aprelde adamlarda synag ediler

  • 02.02.2026 15:57
  • 3.5k+

Tokio uniwersitetiniň Ösen ylym we tehnologiýa gözleg merkeziniň hünärmenleri Nipah wirusyna garşy sanjym işläp taýýarlady. Nikkei gazetiniň habar bermegine görä, aprel aýynda sanjymyň adamlardaky synagynyň birinji tapgyry başlanar.
Sanjym gyzamyk wirusynyň esasynda döredildi. Ol organizme goýberilenden soň, Nipah wirusynyň beloklaryna meňzeş beloklaryň işlenip çykarylmagyna ýardam eder diýlip çak edilýär. Bu bolsa immun jogabyny güýçlendirmeli we kesel ýokan halatynda ýokanjyň güýçlenmek howpuny peseltmeli.
Derman serişdesiniň netijeliligi we howpsuzlygy eýýäm homýakda we beýleki haýwanlarda geçirilen synaglarda tassyklanyldy. Kliniki synaglaryň birinji tapgyry Belgiýada geçiriler. Netijeler üstünlikli bolan ýagdaýynda, 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda Bangladeşde uly adamlarda we çagalarda howpsuzlygy hem-de netijeliligi barlamagyň indiki tapgyrlary meýilleşdirilýär.
Sanjymyň işlenip düzülmegini we synaglaryny maliýeleşdirmek işini ýurduň sanjym taslamalaryny utgaşdyrýan Ýaponiýanyň döwlet ösen gözlegler we işläp taýýarlamalar merkezi SCARDA üpjün edýär.
Nipah wirusy uly ýarganatlar (uçýan tilkiler) arkaly ýaýraýar, ol adama geçip, beýniniň we dem alyş ýollarynyň agyr zaýalanmagyna sebäp bolup bilýär. Käbir ýagdaýlarda ölüm derejesi 40%-den 75%-e çenli ýetýär. 1998-nji ýyldan bäri müňe golaý kesel ýagdaýy hasaba alyndy, ýöne tassyklanan sanjym häzire çenli ýok.
Dekabr aýynyň ahyrynda Günbatar Bengaliýadaky hassahanalaryň birinde işleýän 25 ýaşly şepagat uýasyna we şepagat doganyna wirus ýokdy. Hindistanyň saglygy goraýyş edaralary hassalaryň ikisiniň hem sagalýandygyny we ýagdaýynyň durnuklydygyny mälim etdi. Olar wirus keseliniň ýaýramagynyň öňüniň almagyň başardandygyny hem belledi.


düýn 23:14
5.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....