Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda oba hojalyk meseleleri we gurluşyklary ara alyp maslahatlaşdy

  • 03.02.2026 05:55
  • 9.3k+

2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň barşy we welaýatlarda gurluşyk maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri gezekli-gezegine häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri, ýazky gowaça ekişine taýýarlyk, ýerleri sürmek we tekizlemek, tohumlary taýýarlamak hem-de oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek üçin meýdanlary we tohumlyk serişdeleri taýýarlamak barada maglumat berildi. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak we gaýtadan işlemek işlerine aýratyn üns çekildi.
Mundan başga-da, ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, şeýle hem şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyk ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de Prezidentimiz sebitlerdäki gurluşyk taslamalaryna gözegçiligi güýçlendirmek, bugdaý we pagta öndürijiler hem-de hyzmat ediji edaralar bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......