«Forsažyň» jemleýji bölüminiň çykjak senesi belli boldy

  • 02.02.2026 16:21
  • 7.4k+

«Universal» studiýasynyň «Forsaž» kinosagasynyň iň soňky bölümi 2028-nji ýylyň 17-nji martynda amerikan prokatyna çykar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.
Seriýanyň on birinji filmi resmi taýdan «Forsaž ebedi» (Fast Forever) diýlip atlandyryldy. Taslamanyň režissýory hökmünde Lui Letterýe bellenildi, Dominik Torettonyň keşbine bolsa ýene-de Win Dizel gaýdyp geler. Häzirki wagtda geljekki filmiň sýužeti barada jikme-jik maglumatlar ýok.
Filmiň önümçilik döwri yza süýşürmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy: surata düşüriş işleri 2025-nji ýyla meýilleşdirilen hem bolsa, onuň möhletine birnäçe gezek gaýtadan seredildi. 2001-nji ýylda başlanan franşizanyň öňki bölümi tomaşaçylara 2023-nji ýylda hödürlenipdi. Onunjy filmiň kassa ýygymy 715 mln dollara barabar boldy.


düýn 23:09
571

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....

düýn 07:36
3.4k+

«Collider» HBO-nyň soňky on ýylda çykan iň gowy 12 serialynyň reýtingini düzdi

«Collider» neşiri HBO-nyň soňky on ýylyň dowamynda çykarylan iň gowy 12 serialynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň birinji ornuny «Çernobyl» mini-serialy eýeledi....

16.05.2026 19:49
3.6k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

16.05.2026 11:29
1.8k+

Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi....