Lexus şu ýylyň awgustynda «LC» modeliniň önümçiligini bes eder

  • 03.02.2026 11:23
  • 5k+

Lexus kompaniýasy şu ýylyň awgust aýynda özüniň meşhur LC kupesini we kabrioletini önümçilikden aýyrýar. Bu barada «Road & Track» neşiri brendiň ABŞ-nyň dilerlerine ugradan resmi hatyna salgylanyp habar berýär.

«Lexus LC 500 modeliniň önümçiligi 2026-njy model ýylyndan soň resmi taýdan bes ediler. Lexus müşderilerimiziň isleglerini we bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin öz model hataryny we strategiýasyny yzygiderli seljerip durýar» — diýip, markanyň wekilhanasynda düşündiriş berdiler.

Bazarda bolan 9 ýylynyň dowamynda bu modelden jemi 15 000 nusga satyldy. Häzirki wagtda satuwda diňe atmosferaly V8 hereketlendirijili wersiýalary galdy, gibrid nusgalary bolsa eýýäm satuwdan aýryldy.
Dekabr aýynda tanyşdyrylan täze nesil elektrikli LFA superkary bu modeliň ornuny tutar diýlip garaşylýar. Emma täze ulagyň tehniki häsiýetnamalary häzirlikçe gizlin saklanýar.
Geçen tomusda brend Ýaponiýanyň içerki bazary üçin bu modeliň «Pinnacle» diýlip atlandyrylan iň soňky çäkli tapgyryny tanyşdyrypdy. Bu ýörite wersiýa kämilleşdirilen aerodinamikasy we döwrebaplaşdyrylan hereketlendiriji bölümi (şassisi) bilen beýleki nusgalardan tapawutlanýar.


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....