Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

  • 11.05.2026 18:31
  • 5.3k+

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy.

Awtoulagyň uzynlygy 5100 mm, teker bazasy bolsa 3050 mm deňdir. Poluň tekizligi sebäpli, öndüriji üçünji hatary ýolagçylar üçin giň hem doly rahatlykda ýasamagy başardy.

Ulag elektrikli Toyota Highlander platformasynda gurlupdyr. Modeliň iki hereketlendirijili güýç ulgamy 420 at güýjüne, batareýasynyň göwrümi bolsa 95,82 kWt·sag deňdir. EPA aýlawy boýunça geçip bilýän aralygy 480 kilometrdir. Sagatda 100 km tizlik bilen bat almagy üçin bolsa bary-ýogy 5,4 sekunt ýeterlikdir.

Salony Driving Lounge konsepsiýasy esasynda bezelipdir. Onuň enjamlaşdyrylyşyna ähli üç hatary hem öz içine alýan panoramik üçek, ikinji hataryň aýry-aýry oturgyçlary, 21 dinamikli Mark Levinson audio ulgamy, atmosfera yşyklandyryşy we salony howalandyryş ulgamy girýär. Şeýle-de, krossower Lexus Safety System+ 4.0 ADAS howpsuzlyk ulgamlary bilen üpjün edildi.

Lexus TZ-niň ABŞ-daky satuwlarynyň 2026-njy ýylyň ahyrynda başlamagy meýilleşdirilýär. Bazarda bu model Lucid Gravity, Cadillac Vistiq, Volvo EX90 we Kia EV9 ýaly ulaglar bilen bäsleşer.


düýn 18:16
2.9k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

düýn 00:37
6.3k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 19:03
6.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

04.06.2026 14:32
2.7k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....