Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

  • 15.05.2026 11:08
  • 3.3k+

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy.

Täze ulagyň daşky görnüşi 2010-njy ýyllaryň başyndaky ilkinji LFA modeline mahsus bolan aerodinamiki keşbi we kupe formasyny saklap galdy, ýöne galan dizaýn aýratynlyklary düýpli özgerişliklere sezewar boldy.

Awtomobil dört sany yşyk diodly we özboluşly L-görnüşli moduldan ybarat bolan öň optika eýe boldy. Ulagyň yzky tarapy aýratyn yşyklandyryjylar we merkezde brendiň ýanýan logotipi bilen diskret stilde ýerine ýetirildi.

Tehniki häsiýetnamalaryň resmi taýdan doly mälim edilmändigine garamazdan, awtomobilde elektrik güýç ulgamynyň bardygy tassyklanyldy.

Bellemeli ýeri, konseptiň platformasy goşa turbinaly V8 benzin hereketlendirijisini ulanýan Toyota GR GT ýaryş modeli bilen birleşdirildi. Bu bolsa täze bazanyň tehnologik taýdan ýokary çeýeligini görkezýär.


düýn 18:36
2.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....