Karim Benzema resmi taýdan «Al-Hilýalyň» oýunçysy boldy

  • 03.02.2026 09:57
  • 6.1k+

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Karim Benzema «Al-Hilýal» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi.

Öň «Al-Ittihadda» çykyş eden 38 ýaşly futbolçy Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň häzirki lideri «Al-Hilýal» bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. «Transfermarkt» portalynyň maglumatyna görä, bu transferiň bahasy 25 million ýewro boldy.

Bu transfer birnäçe täsin myş-myşlar bilen utgaşdy: metbugatda Benzemanyň «Al-Ittihad» bilen şertnamasyny uzaltmakdan boýun gaçyrandygy, şeýle hem «Al-Nasryň» ýyldyzy Kriştianu Ronaldunyň Benzimanyň gönüden-göni bäsdeş toparyna geçmegine garşy çykandygy barada habarlar ýazyldy. Belläp geçsek, bu klublaryň ählisi Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) tarapyndan dolandyrylýar.
Benzema 2023-nji ýylyň tomsundan bäri Saud Arabystanynyň çempionatynda çykyş edip gelýär. Ol «Al-Ittihadyň» düzüminde ýurduň çempiony we Patyşa kubogynyň eýesi bolmagy başardy. Şu möwsümde tejribeli hüjümçi ähli ýaryşlarda jemi 21 duşuşyga gatnaşyp, 16 gol geçirdi.
Häzirki wagtda «Al-Hilýal» 47 utuk bilen Pro-liganyň sanawynda birinji orunda barýar. Simone Indzaginiň şägirtleri indiki duşuşygyny 5-nji fewralda «Al-Ahdud» toparyna garşy geçirerler.


düýn 16:49
7.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
7.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.5k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.2k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....