Wenesiýada karnawal geçirilýär

  • 02.02.2026 22:13
  • 2.8k+

Wenesiýada däp bolan karnawal dowam edýär. Bu ýylky dabara üçin, açylyşy 6-njy fewrala meýilleşdirilýän Milandaky gyşky Olimpiýa oýunlary bilen utgaşykly «Olimp — oýunlaryň gözbaşy» diýen şygar saýlanyp alyndy.
«Guramaçylar sport temasynyň karnawal medeniýetinden hiç wagt hem üzňe bolmandygyny belleýärler» diýip, Euronews habar berýär.
Baýramçylygyň açylyşy Grand-kanalda suwdaky ýöriş bilen başlandy. Oňa Wenesiýanyň nyşany bolan alaka görnüşindäki uly gaýyk baştutanlyk etdi. Gaýygyň üstünde karnawal lybaslaryndaky artistler çykyş etdiler. Rialto köprüsiniň ýanynda parada gatnaşyjylar howa şarlaryny, lentalary we konfettileri asmana uçurdylar. Kanalyň boýuna ýygnanan müňlerçe tomaşaçy bu täsin pursatlary höwes bilen synlady.
Karnawal günlerinde şäheriň merkezinde «gyzyl zolaklar» döredildi, polisiýa gözegçiligi güýçlendirildi we jübikeserligiň öňüni almak üçin çäreler berkidildi. Geçen ýyl karnawala takmynan bir million adam gelipdi. Häkimýetler bu möwsümde hem şonçarak myhmana garaşýar.
31-nji ýanwarda başlanan Wenesiýa karnawaly 17-nji fewrala çenli dowam eder.



Wenesiýa karnawalynyň taryhy takmynan müň ýyla uzaýar. Karnawal hakyndaky ilkinji maglumatlar 1094-nji ýyla degişlidir, emma XIII—XIV asyrlara çenli adamlar onda nykap dakynmandyr. Aslynda şol döwürlerde ýüzüňe nykap dakylmagyň esasy maksady, jemgyýetçilik gatlaklarynyň arasyndaky serhetleri bozmakdan ybarat bolupdyr. Çünki hut şonuň üsti bilen, iň bolman, karnawal wagtynda adamlaryň arasynda deňlik bolupdyr - hyzmatkärler özüni asylzada ýaly, pukara-bendeler bolsa gurply kişiler ýaly alyp baryp bilýän ekeni.


28.05.2026 12:35
4.3k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......