Kia Seltos krossoweriniň täze nesli satuwa çykdy: Bahasy 17 müň dollardan başlaýar

  • 02.02.2026 16:44
  • 4.1k+

Kia kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda meşhur Seltos krossoweriniň ikinji neslini resmi taýdan tanyşdyrdy we satuwa çykardy. Täze model düýpli özgerdilen dizaýny, ulaldylan ölçegleri we ilkinji gezek hödürlenilýän gibrid güýç ulgamy bilen tapawutlanýar.

Ulagyň benzinli görnüşiniň bahasy 24,77 million wondan (takmynan 17 200 dollar), gibrid wersiýasynyň bahasy bolsa 28,98 million wondan (20 100 dollar) başlaýar. Ýakyn wagtda täze model Koreýanyň daşyndaky bazarlaryna hem çykarylar.
Esasy özgermeler:

  • Ölçegleri: Ulagyň uzynlygy 4430 mm-e ýetdi, teker binýady bolsa 60 mm uzaldylyp, 2690 mm boldy. Bu bolsa salonyň has giň bolmagyny üpjün edýär.
  • Daşky görnüşi: Ägirt uly radiator gözenegi, LED faralar we döwrebap süýşýän gapy tutawaçlary ulagyň esasy dizaýn aýratynlyklarydyr.
  • Salony: Içki bölümde 12,3 dýuýmlyk sanly enjamlar paneli we multimedia ekrany birleşdirilen. Şeýle hem, howa gözegçiligi (klimat-kontrol) üçin aýratyn 5 dýuýmlyk displeý ýerleşdirildi. Transmissiýany dolandyryş desgasy bolsa rul sütünine geçirildi.

Ulagyň iki hili güýç ulgamy hödürlenilýär - 1,6 litrlik turbomotor: 193 at güýjüne eýe bolup, 8 basgançakly awtomatiki geçiriji bilen işleýär.
1,6 litrlik gibrid: 141 at güýjüni öndürýär we 6 basgançakly robotlaşdyrylan transmissiýa bilen enjamlaşdyrylan.
Howpsuzlyk babatda ulagyň hatda iň ýönekeý toplumynda hem 9 sany howpsuzlyk ýassygy göz öňünde tutulypdyr.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

09.05.2026 12:43
3.6k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
3k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4.1k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......