Ýanwar aýynda Aşgabada düşen ygalyň mukdary iki aýlyk kadadan geçdi

  • 02.02.2026 12:45
  • 4.6k+

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ygalyň mukdarynyň kadadan artmagy hasaba alyndy. Bu ýagdaý 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edip gelen uzak wagtlyk guraklyk döwründen soňra ýüze çykdy.

Agzalan döwürde ygalyň mukdary yzygiderli kadadan pes bolup geldi. Diňe 2025-nji ýylyň iýun aýynda 7 mm ygal hasaba alnyp, ujypsyzja artyş hasaba alyndy.
Emma 2026-njy ýylyň ýanwar aýy ygal derejesiniň diňe bir klimatik kadadan geçmän, eýsem ondan iki esseden hem köp bolan ilkinji aýy boldy. Aýyň dowamynda paýtagtymyza 44,3 mm ygal düşdi, bu bolsa ortaça klimatik kadanyň 211%-ne deňdir.
Ygalyň iň uly mukdary esasan iki döwürde hasaba alyndy: 14–17-nji ýanwar aralygynda: 21 mm ygal düşdi; 21–22-nji ýanwar aralygynda: 20,8 mm ygal hasaba alyndy.
Belläp geçsek, diňe 21-nji ýanwarda 12 sagadyň dowamynda 14 mm ygal düşdi.
Aýyň dowamynda Aşgabatda üç günüň — 21, 22 we 23-nji ýanwar günleriniň dowamynda gar örtügi saklandy. Garyň galyňlygy iň ýokary derejesinde 4 sm-e ýetdi, ortaça galyňlyk bolsa 2 sm töweregi boldy.


düýn 20:34
999

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......