Aşgabatda Musorgskiniň we Rimskiý-Korsakowyň eserleriniň konserti bolar

  • 02.02.2026 16:15
  • 1.1k+

17-nji fewralda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda «Simfoniki kartinalar» ady bilen konsert geçiriler. Programma Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan taýýarlandy.

Döredijilik topary rus kompozitorlarynyň nusgawy eserlerini ýerine ýetirer. Diňleýjilere Modest Musorgskiniň «Sergiden suratlar» atly eseri, Anatoliý Lýadowyň «Baba-Ýaga» simfoniki kartinasy, şeýle hem Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň «Üç gudrat» we «Şeherezada» sýuitasynyň üçünji bölümi bolan «Şazada we Şa gyzy» atly eserleri hödürlener.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.
Bilet satyn almak boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 22-38-98, 51-41-57; (+993 63) 46-71-77, (+993 64) 03-74-56.


düýn 10:37
8.2k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

21.05.2026 13:01
8k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.05.2026 22:01
6.4k+

Kanýe West awtorlyk hukugy boýunça kazyýetde utuldy: indi ol öwezpuluny tölemeli bolar

Meşhur repçi Kanýe West awtorlyk hukuklaryny bozandygy baradaky kazyýet işinde ýeňildi diýip, The Guardian neşiri habar berdi....

17.05.2026 14:15
6k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....