Lukman «Atletiko» Madridiň düzüminde oýna çykar, «Liwerpul» 72 mln ýewro goragçy aldy

  • 03.02.2026 10:14
  • 4.4k+

Angliýanyň «Liwerpul» futbol kluby Fransiýanyň «Renn» toparynyň 20 ýaşly goragçysy Žeremi Žakeni transfer edendigini resmi taýdan yglan etdi. Ýaş goragçy iňlis klubuna şu ýylyň tomsunda goşular.

Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, fransuz goragçysy mersisaýdlylara 60 million ýewro düşdi. Şertnamada goşmaça 12 million ýewro bolsa bonus görnüşinde göz öňünde tutulypdyr. Žake bilen baglaşylan şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli dowam eder.
Şol bir wagtyň özünde, Madridiň «Atletiko» kluby hem täze transferini mälim etdi. Ispan kluby Italiýanyň «Atalanta» toparynyň hüjümçisi Ademola Lukmany düzümine goşdy. 28 ýaşly nigeriýaly futbolçy bilen 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama gol çekildi.
Romanonyň tassyklamagyna görä, bu geleşigiň bahasy 35 million ýewro bolar. Şeýle hem, «Atalanta» goşmaça 5 million ýewro bonus alyp biler.
Ademola Lukman 2022-nji ýylyň tomsundan bäri Bergamo şäheriniň toparynda çykyş edip gelýärdi. Ol bu döwürde 137 oýna gatnaşyp, 55 gol we 27 assist geçirdi. 2024-nji ýylda Ýewropa ligasynyň ýeňijisi we şol ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýen ada eýe boldy.


düýn 14:15
10k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......