«Byçgy» franşizasynyň täze bölümini birinji filmi düşüren režissýor düşürer

  • 02.02.2026 16:59
  • 3.9k+

Režissýor Jeýms Wan «Byçgy» («Пила») horror-franşizasynyň nobatdaky bölümini surata düşürer. Täze filmiň ssenarisini Li Uonnell ýazar. Bu barada «UPI» neşiri habar berýär. Awtorlar bu taslama gaýdyp gelmek meýilleri barada «Sandens» festiwalynda asyl filmiň ýörite görkezilişi wagtynda yglan etdiler.

Jeýms Wan täze bölümde esasy ünsi gapma-garşylyk döretmäge we ony garaşylmadyk final öwrümlerine gönükdirmegi meýilleşdirýär. Şunda filmiň öňki bölümlerinde emele gelen "kino älemi" hem göz öňünde tutular. Režissýor agdyklyk edýän wagşylykdan däl-de, has "akylly" we manyly hekaýadan peýdalanmakçy bolýar.

«Biz birinji filmiň ruhuna dolanmak isleýäris. Biz hakykatdan hem gorkuly ýene bir "Byçgyny" döretmek isleýäris» — diýip, Jeýms Wan belledi.

Jeýms Wan diňe birinji bölümiň režissýory bolupdy, soňra bolsa ol ýerine ýetiriji prodýuser wezipesini ýerine ýetirdi. Li Uonnell bolsa seriýanyň ilkinji üç filminiň ssenarisini ýazypdy.
Ýatladyp geçsek, bu tapgyryň iň soňky taslamasy bolan we baş keşbi Tobin Bell tarapyndan janlandyrylan «Byçgy X» filmi 2023-nji ýylyň güýzünde ekrana çykypdy. Ol «Rotten Tomatoes» saýtynda 81% oňyn seslenme alyp, uly meşhurlyga eýe bolupdy.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....