«Melgun Prada geýýär 2» filminiň doly göwrümli treýleri çykdy we premýeranyň senesi mälim boldy

  • 03.02.2026 11:42
  • 2k+

20th Century Studios studiýasy «Melgun Prada geýinýär» filminiň dowamynyň ilkinji doly göwrümli treýlerini hödürledi. Kinofilmiň halkara prokatyna çykarylyşy 1-nji maýa meýilleşdirildi.

Filmiň treýleri Madonnanyň meşhur «Vogue» aýdymynyň astynda berlipdir. Wakalar birinji bölümdäki wakalardan birnäçe ýyl soňra bolup geçýär. Baş gahryman Endi Saks «Runway» moda žurnalyna dolanyp gelýär, ýöne bu gezek ol kömekçi däl-de, makalalar bölüminiň redaktory wezipesini eýeleýär.
Endiniň dolanyp gelşi öňki joşguny bilen garşylanmaýar. Miranda Pristli ony sowuk kabul edýär we sýužete görä, öňki kömekçisini tanaýandygyny hem bildirmeýär. Endä diňe art-direktor Naýjel goldaw berýär. Deslapky maglumatlara görä, filmiň sýužeti Miranda Pristliniň çap edilýän žurnalistikadaky çökgünlige garşy alyp barýan göreşiniň töwereginde bolar.
Filmde öz rollaryna Enn Heteueý, Meril Strip, Stenli Tuççi, Emili Blant, Treýsi Toms we Tibor Feldman ýaly ýyldyzlar dolanyp geldiler. Kennet Brana, Simona Eşli, Lýusi Lýu, Jastin Teru, B. J. Nowak, Polin Şalame, Reýçel Blum, Patrik Bramall we meşhur aýdymçy Ledi Gaga ýaly täze gahrymanlar peýda bolar.
Filmiň üstünde ýene-de ilkinji bölümiň topary işledi. Režissýorlyk kürsüsinde Dewid Frenkel oturdy, ssenariýany bolsa Alina Broş MakKenna ýazdy.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....