Spotify kontentleri bilelikde diňlemek üçin toparlaýyn çatlary işe girizdi

  • 02.02.2026 15:06
  • 995

Spotify striming hyzmaty ulanyjylar üçin toparlaýyn çat funksiýasyny goşdy. Täze gural habar alyşmak, audiokitaplar, podkastlar we pleýlistler bilen paýlaşmak üçin on adamy bir topara birleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge neşiri ýazýar.
Berlen maglumatlara görä, topary «Habarlar» (Messages) bölüminde ekranyň ýokary bölegindäki degişli ýazgyny saýlap döredip bolýar. Bu mümkinçilikden hem mugt akkauntlaryň eýeleri, hem-de premium ulanyjylar peýdalanyp biler. Söhbetdeşligi diňe ozal «Jam», «Blend» funksiýalary arkaly ýa-da umumy pleýlistleri döretmek arkaly gatnaşykda bolan ulanyjylaryňyz bilen başlap bolýar.
Mundan ozal platforma 16 ýaşdan uly bolan ulanyjylar üçin şahsy habar mümkinçiligini hödürläpdi. Bu funksiýa hat ýazyşmak üçin iberilýän islegleri dolandyrmaga, söhbetdeşleri blokirlemäge we şikaýat etmäge mümkinçilik berýär. Eger ulanyjylar islese, programmada sazlamalar bölümine girip, gelýän habarlary kabul etmegi doly ýapyp hem biler.


düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....