Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri Ýaponiýadaky sungat sergisinde görkezildi

  • 02.02.2026 16:44
  • 1.8k+

2026-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Tokio şäheriniň Milli sungat merkezinde «Çäksiz sungat» atly halkara sergä gatnaşanlara minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çärä Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalary, «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýetiniň hem-de «SUMI» halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we sungat işgärleri gatnaşdy.
«Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýeti we «SUMI» halkara assosiasiýasy tarapyndan bilelikde guralan bu sergi 22-nji ýanwar – 1-nji fewral aralygynda dowam etdi. Sergide Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň 26-synyň çeken suratlary serginiň çäklerinde ýörite döredilen ýurduň diwarlygynda görkezildi.
Dabaranyň ahyrynda sergä gatnaşan türkmen mekdep okuwçylarynyň ählisine minnetdarlyk hatlary berildi.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......