Ýaponiýada «akula hamly» uçar synagdan geçirildi

  • 02.02.2026 15:46
  • 4.8k+

Ýaponiýanyň Aerokosmiki barlaglar agentligi (JAXA) uçarlaryň korpuslaryny gapyrga görnüşde reňklemek tehnologiýasyny işläp düzdi we ony synagdan geçirip başlady. Bu barada jaxa.jp saýty habar berýär.
Akulanyň hamyny ýatladýan görnüşde reňklenen örtük awiasiýanyň uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça (dekarbonizasiýa) maksatnamasynyň çäginde aerodinamiki garşylygy peseltmek we ýangyjy tygşytlamak üçin niýetlenendir.
JAXA-nyň hünärmenleri bu tehnologiýany ilkinji gezek 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Zipair Tokyo awiakompaniýasynyň «Boeing 787-8» uçarynda ulandylar. Narita aeroportunda bolup geçen synag prosesinde hünärmenler «O reňkden bu reňke» («Paint-to-Paint») usulyny ulandylar, bu bolsa işleriň hilini we tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

JAL kompaniýasynyň «Boeing 787-9» laýnerinde 2025-nji ýylyň ýanwaryndan bäri geçirilýän täze usulyň deslapky synaglary garşylygyň 0,31% peselendigini görkezdi. Bu görkeziji Narita — Frankfurt ugry boýunça takmynan 154 tonna ýyllyk ýangyjy tygşytlamaga we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 492 tonna azaltmaga ýardam edýär.
Häzirki wagtda agentlik gapyrga görnüşde reňklenen örtügiň garşylygy 6–6,5% peseltmäge mümkinçiligi bolan has kämilleşdirilen görnüşiniň üstünde işleýär.  
Bu tehnologiýa ýeňilligi, çydamlylygy bilen tapawutlanýar we howa gämisiniň gurluşyna agram bermeýär.


09.06.2026 23:04
2.4k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.1k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......