Samsung Galaxy Buds 4 we 4 Pro modelleriniň bahasy hem-de aýratynlyklary mälim boldy

  • 02.02.2026 19:23
  • 2.5k+

Aptivi neşiri Samsung kompaniýasynyň täze Galaxy Buds 4 we Galaxy Buds 4 Pro simsiz gulaklyklarynyň tehniki görkezijilerini hem-de bahasyny mälim etdi. 
Maglumatlar Galaxy Buds programmasynyň iň täze nusgasynyň içki faýllaryny seljermek arkaly alyndy.
Garaşylýan bahalar: 

  • Galaxy Buds 4 (esasy wersiýasy) - 179 ýewro, 
  • Galaxy Buds 4 Pro (flagman nusga) - 249 ýewro.

Enjamlaryň içki kod atlary «Handel» we «Bach» diýlip bellenilen. Pro modeli ak, gara we şetdaly reňklerinde, adaty nusgasy bolsa diňe ak we gara reňklerde satuwa çykarylar.
Täze gulaklyklaryň ikisi hem 360 derejeli ses ýazyş ulgamyna we daşarky sesi süzýän uýgunlaşdyryjy funksiýa eýe bolupdyr. Pro nusgasynda goşmaça hökmünde aýratyn programmalar üçin ses sazlamalary, terjimeçi hyzmatyny işe girizmek, daşky gaby arkaly smartfony tapmak ýaly mümkinçilikler bolar.
Galaxy Buds 4 modeliniň akkumulýatorynyň göwrümi 42 mAs bolar, bu bolsa öňki modelden birneme pesdir. Galaxy Buds 4 Pro nusgasynyň batareýasy bolsa 57 mAs çenli ulalar.
Täze gulaklyklaryň 2026-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.


23.05.2026 10:37
4.3k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....