Tailandda «Rembo» filminiň prikweli düşürilip başlandy

  • 02.02.2026 19:37
  • 3.5k+

Tailandda «Rembo: Ilkinji gan» (Rambo: First Blood) hereketli filminiň prikweli boljak «Jon Rembo» çeper filminiň önümçiligi başlandy. Bu barada Variety neşiri ýazýar.
Filmiň sýužeti baş gahrymanyň Wýetnam urşy döwründäki durmuşyna bagyşlanýar.
Filmde baş keşbi aktyor Noa Sentineo janlandyrar. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Ýao, Kuinsi Isaýýa, Jefferson Waýt, Jeýson Tobin we Taýme Taptimtong girdi. Taslamanyň režissýoryÝalmari Helander boldy.
Filmiň distribusiýasy üçin Lionsgate kompaniýasy jogap berýär. Häzirki wagta çenli döredijiler filmiň ilkinji posterini hödürledi, emma onuň ekranlara çykjak takyk senesi belli däl.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....