Ermenistanyň premýer-ministri ilkinji konsertini berdi

  • 02.02.2026 14:48
  • 4k+

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 30-njy ýanwarda Ýerewan şäherinde ilkinji gezek özüniň «Warçabend» atly saz topary bilen çykyş etdi. Ol bu konsertden pursatlary öz resmi telegram kanalynda paýlaşdy.
Konsert wagtynda Ermenistanyň hökümet baştutany deprek çaldy. Saz toparynyň düzüminde premýer-ministrden başga-da gitaraçy, saksofonçy, pianinoçy we iki sany aýdymçy zenan bar.
Toparyň «Warçabend» diýen ady ermeni dilindäki «warçapet» (premýer-ministr) sözüniň birinji bogunlaryndan we iňlis dilindäki «band» (topar) sözünden emele gelendir.
 


27.06.2026 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......