Karim Benzema resmi taýdan «Al-Hilýalyň» oýunçysy boldy
Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Karim Benzema «Al-Hilýal» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi. Öň «Al-Ittihadda» çykyş eden 38 ýaşly futbolçy Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň häzirki lideri «Al-Hilýal» bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy...