«Tottenhem» bir ýylyň içinde eýýäm üçünji tälimçisini işden boşatdy

  • 30.03.2026 10:58
  • 3.5k+

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby baş tälimçi Igor Tudoryň wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu baradaky habar klubuň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda çap edildi.

«Biz baş tälimçi Igor Tudoryň özara ylalaşyk esasynda klubdan gidýändigini tassyklaýarys. Şeýle hem, derwezebanlaryň tälimçisi Tomislaw Rogiç we fiziki taýýarlyk boýunça tälimçi Rikkardo Ragnaççi öz wezipelerini terk etdiler. Igora, Tomislawa we Rikkardo soňky alty hepdäniň içinde dyngysyz çeken zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle hem, ýakyn adamsyny ýitirendigi sebäpli Igora gynanç bildirýäris we şu kyn pursatda oňa hem-de onuň maşgalasyna goldawymyzy beýan edýäris. Täze baş tälimçi baradaky maglumat ýakyn wagtda mälim ediler» diýlip, beýanatda aýdylýar.

Tudor 14-nji fewralda tälimçi bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda «Tottenhem» geçiren ýedi duşuşygynyň bäşisinde ýeňildi. Häzirki wagtda klub Angliýanyň Premýer-ligasynyň ýaryş jedwelinde 30 utuk bilen 17-nji orny eýeleýär. Topary aşaky liga düşmek howpundan diňe bir utuk aýyrýar.

Žurnalist Ben Jeýkobsuň maglumatyna görä, hünärmen şertnamanyň möhletinden öň ýatyrylmagy üçin öwez tölegini talap etmändir.

Bu ýagdaý «Tottenhemiň» düzüminde bir ýyla ýetmeýän wagtyň içinde amala aşyrylan üçünji tälimçi çalyşmasydyr. 2025-nji ýylyň iýun aýynda London kluby 2023-nji ýylyň iýulyndan bäri işläp gelen we topar bilen UEFA Ýewropa ligasyny gazanan Angelos Postekogluny işden boşadypdy. Onuň ornuna gelen Tomas Frank bolsa geçen fewralda topardan gidipdi.

Täze tälimçi wezipesine mümkin bolan dalaşgärleriň arasynda Roberto De Dzerbi, Şon Daýç, Adi Hýutter, Robbi Kin, Kris Hýuton we Garri Rednapp ýaly atlaryň tutulýandygyny bellemek gerek. «The Telegraph» neşiriniň maglumatyna görä, toparyň häzirki goragçysy Ben Dewis tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup biler.


şu gün 10:24
242

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
898

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
6.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.8k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......