ABŞ-da aktrisa Meril Stripiň adyna baýrak döredildi. Ol mugallymlara gowşurylar

  • 30.03.2026 00:20
  • 3.3k+

ABŞ-nyň Milli zenan taryhy muzeýi zenanlaryň taryhy barada gürrüň berýän we bu bilimleri okuwçylar hem-de giň köpçülik üçin elýeterli edýän mugallymlar üçin her ýyl gowşuryljak Meryl Streep Educator Award baýragynyň döredilendigini yglan etdi.

Bu başlangyç aktrisa Meril Stripiň pul bagyş etmegi netijesinde mümkin boldy. Berlen goldawyň möçberiniň ýedi belgili sandan ybaratdygy habar berilýär. Aktrisanyň aýtmagyna görä, diňe bir taryhy döretmek däl, eýsem ony geljekki nesillere geçirip, gorap saklamak hem möhümdir. Ol muzeýiň işini mundan beýläk-de goldamakçydygyny belledi.

Baýrak her ýyl gowşurylar. Ol bilim maksatnamalaryny işläp düzýän, sapaklary geçirýän we mekdeplerde hem-de jemgyýetçilikde zenanlaryň taryhy baradaky maglumatlara elýeterliligi giňeldýän mugallymlara berler.

Meryl Streep Educator Award baýragynyň ilkinji eýesini 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Women Making History Awards Gala» dabarasynda yglan etmek meýilleşdirilýär.

Milli zenan taryhy muzeýi 1996-njy ýylda döredildi. Ol zenanlaryň taryhdaky, medeniýetdäki we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuna bagyşlanan sergileri, bilim maksatnamalaryny we ylmy barlaglary geçirmek bilen meşgullanýar.


10.06.2026 16:26
5.3k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......