Mercedes-Benz uly premium miniwenler segmentinde flagman model boljak täze Mercedes-Maybach VLS-iň tanyşdyrylyşyny yglan etdi. Awtomobil ozal hödürlenen we indi yzygiderli önümçilige geçýän «Vision V» konseptiniň ideýalaryny ösdürýär.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, ulag, ilkinji nobatda, yzky hatardaky ýolagçylaryň oňaýlylygyna gönükdirilendir. Modeliň konsepsiýasy «şahsy launž-zonany» (private lounge) ýatladýan giňişligi döretmegi göz öňünde tutýar. Mercedes bu modeliň sürüji üçin däl-de, ilkinji nobatda, ýolagçy üçin döredilýändigini belleýär.
Salonyň yzky böleginde gymmat bahaly materiallar, el işleri we döwrebap sanly çözgütler ulanyldy.
Bu model Maybach brendine mahsus bolan aýratynlyklary — ýerlikli dizaýny, detallara bolan ünsi we öz islegiňe görä sazlamak, ýagny şahsylaşdyrmak mümkinçiliklerini saklap galar. Şol bir wagtyň özünde, multimedia ulgamlaryna we interaktiw funksiýalara aýratyn üns berildi.
Kompaniýa VLS-iň çykarylmagynyň, aýratyn-da sürüji hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriň arasynda ýokary derejeli oňaýlylygy bolan awtomobillere islegiň artmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär.

