Kosmosdaky Solar Orbiter apparaty birnäçe günläp Günüň birbada iki tarapyny hem synlamaga mümkinçilik berer

  • 29.03.2026 15:30
  • 3.3k+

Ýewropa kosmos agentligine degişli bolan "Solar Orbiter" kosmos apparaty Ýeriň garşysynda ýerleşýän orbitadaky nokadyny eýeledi. Bu ýagdaý Günüň hem Ýerden görünýän tarapyny, hem-de onuň arka tarapyny bir wagtyň özünde synlamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle ýerleşiş birnäçe günüň dowamynda saklanar. Şondan soňra apparat orbita boýunça Ýerden kem-kemden öňe geçip başlar. Şol bir wagtda, Günüň arka tarapynyň ep-esli bölegi ýene birnäçe aýlap synlamak üçin elýeterli bolar.

Ýaz paslynyň ahyryna çenli Günüň uzakdaky tarapynyň takmynan üçden iki böleginiň görünmegine garaşylýar. Tomsuň ahyrynda bolsa apparat Ýer bilen Günüň arasynda ýerleşer we ýerüsti teleskoplaryň görýän meýdançasyny synlar.

Bellenilip geçilişi ýaly, bu döwürde hasaba alnan alawlamalar we Gün tegmilleri dünýä kataloglaryna girizilmez. Gün işjeňligi baradaky maglumatlaryň ýoýulmagynyň öňüni almak üçin, olarda diňe Günüň Ýere öwrülen tarapyndaky wakalar hasaba alynýar.


düýn 12:47
5k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.6k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......

30.05.2026 00:14
2.3k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....