19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy

  • 31.03.2026 07:17
  • 2.6k+

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana çyzygyny birinji bolup kesdi.

Baýrakly orunlaryň üçlügini «Ferrari-den» Şarl Lekler jemledi. «Mercedes-de» çykyş edýän Jorj Rassel dördünji orny eýeledi. «McLaren-den» häzirki dünýä çempiony Lando Norris bolsa «Ferrari-den» Lýuis Hemiltony yzda galdyryp, bäşinji boldy.

Antonelli yzygider ikinji ýeňşini gazanyp, umumy hasapda topardaşy Rasselden 9 utuk öňe geçdi. Ýeňşiniň netijesinde Antonelli 19 ýyl 216 gün ýaşynda çempionatyň taryhyndaky iň ýaş lider boldy. Mundan öňki rekord 2007-nji ýylda «McLaren-iň» düzüminde 22 ýyl 126 gün ýaşynda sanawyň başyny çeken Hemiltona degişlidi. Şeýle hem Antonelli 1953-nji ýylda Alberto Askari tarapyndan goýlan rekorddan bäri «Formula-1-de» bassyr iki ýaryşda ýeňiji bolan ilkinji italiýaly boldy.

Antonelli «Mercedes-iň» esasy ýaryşa gatnaşyjysy hökmünde ilkinji gezek 2025-nji ýylda çykyş etdi.

«Formula-1-de» 2026-njy ýyl möwsümi 6-njy martda başlandy. Çempionat 22 ýaryşdan ybarat bolar we 4-6-njy dekabrda Abu-Dabiniň Gran-prisi bilen tamamlanar. Mundan ozal Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklar sebäpli Bahreýndäki we Saud Arabystanyndaky aprel tapgyrlary ýatyrylypdy. Indiki tapgyr 1-3-nji maý aralygynda Maýamide geçiriler.

Sürüjileriň şahsy hasabynda Antonelli (72 utuk) liderlik edýär, onuň yzyndan topardaşy Rassel (63) gelýär, üçlügi bolsa «Ferrari-den» Şarl Lekler (49) jemleýär. Konstruktorlaryň kubogynda 135 utuk bilen «Mercedes» öňde barýar. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, «Ferrari» (90) we «McLaren» (46) eýeleýär.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....