Insaýder: Ýurgen Klopp tomusda «Real Madride» ýolbaşçylyk eder

  • 30.03.2026 09:39
  • 6.7k+

Germaniýaly tälimçi Ýurgen Klopp şu möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» toparyna ýolbaşçylyk edip biler. Bu barada fransiýaly žurnalist Fransua Galýardo habar berýär.

Onuň berýän maglumatyna görä, Kloppuň wezipä bellenilmegi baradaky karar entek dekabr aýynda kabul edilipdir we şertnama eýýäm gol çekilipdir. Habarda Kloppuň gelmeginiň gutarnykly çözülen meseledigi we munuň häzirki tälimçi Alwaro Arbeloanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň görkezjek netijelerine asla bagly däldigi aýdylýar.

58 ýaşly Klopp 2015-2024-nji ýyllar aralygynda «Liwerpul» toparyna tälimçilik etdi. Onuň ýolbaşçylygynda klub üç gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy (2018, 2019, 2022) we 2019-njy ýylda bu ýaryşyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de, topar 2020-nji ýylda 30 ýyldan soň ilkinji gezek Angliýanyň çempiony boldy.

2025-nji ýylyň başyndan bäri Klopp «Red Bull» kompaniýasynyň futbol ugrunyň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýär. Emma şu aýyň başynda kompaniýanyň onuň işinden nägiledigi barada habarlar ýaýrap başlady.

Häzirki wagtda «Real Madrid» Ispaniýanyň çempionatynda 69 utuk bilen «Barselonadan» dört utuk yza galyp, ikinji ýerde barýar. Şeýle-de, topar Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy we ol ýerde «Bawariýa» bilen duşuşar.


düýn 23:46
1.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.4k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......