Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygy bellenildi

  • 30.03.2026 11:46
  • 6.2k+

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Gazna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky Karary bilen döredilipdi. Döredilen gününden bäri ol hemaýata mätäç çagalara, ilkinji nobatda bolsa saglyk we ösüş meselelerinde ýardam berip gelýär.

Dabaraly çäräniň başynda gatnaşyjylara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Onda ene we çaga saglygyny goramagyň, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygy nygtaldy.

Dabaranyň dowamynda haýyr-sahawat işlerini ösdürmäge goşant goşan şahsyýetleri sylaglamak baradaky döwlet Baştutanynyň Permany yglan edildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna «Arkadag» medalyny gowşurdy.

Sylaglanan wekiller öz minnetdarlyk sözlerinde Gaznanyň çagalary goldamakda we ynsanperwer başlangyçlary ösdürmekde tutýan ornuny belledi. Gazna tarapyndan amala aşyrylýan haýyr-sahawat maksatnamalarynyň netijesinde ýüzlerçe çaganyň lukmançylyk kömegini alandygy, hususan-da, çylşyrymly operasiýalaryň geçirilýändigi, bejergi-dikeldiş we öňüni alyş hyzmatlarynyň üpjün edilýändigi barada nygtaldy.

Mundan başga-da, Gazna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. ÝUNISEF, Sun Sinlin adyndaky gazna we Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen ylalaşyklara gol çekildi.

Çäre ýurduň sungat ussatlarynyň we çagalar toparlarynyň gatnaşmagyndaky konsert maksatnamasy bilen tamamlandy. Baýramçylyk konsertiniň dowamynda dünýä meşhur daşary ýurt eserleri hem ýerine ýetirildi.

Dabaranyň gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Minnetdarlyk ýüzlenmesini kabul etdi.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......