Duýdansyz açyş: süýjüli diabetiň dermany garry adamlaryň gözüni goraýar

  • 30.03.2026 16:56
  • 4.9k+

Süýjüli diabet keselinde ulanylýan metformin dermanynyň garaşylmadyk tarapdan peýdasynyň ýüze çykmagy köpleri begendirdi.

Bu dermanyň garry adamlarda görüjiligiň ýitmegine getirýän esasy sebäpleriň biri bolan makulýar degenerasiýanyň (gözüň torly gatlagynyň zeperlenmeginiň) howpuny hem azaldyp bilýändigi hakyndaky Çikago uniwersitetiniň alymlarynyň gelen netijesi Ophthalmology Retina žurnalynda çap edildi.

Wagtlaýyn makulýar degenerasiýa — bu gözüň merkezden görüş ukybyna jogap berýän makula böleginiň zeperlenmegidir. Onuň neowaskulýar görnüşi iň agyry hasaplanylýar we gysga wagtyň içinde görşüň doly ýitmegine getirip bilýär.

Alymlaryň 2008–2017-nji ýyllar aralygyndaky 44 müňden gowrak näsagyň maglumatlaryny seljermekleriniň esasynda metformin dermanyny ulanýan adamlarda bu göz keseliniň ýüze çykma ähtimallygynyň ep-esli pesdigi anyklanyldy. Has gowy tapawut dermanyň umumy möçberi 271 gramdan 600 grama çenli bolan näsaglarda ýüze çykdy.

Häzirki wagtda bu netijeler deslapky maglumatlar hasaplanylsa-da, geljekde bu derman garry adamlaryň görüjilik ukybyny goramakda täze bir usul bolar diýlip garaşylýar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......