Toýota, Ford we Volkswagen: golaýlap gelýän Nýu-Ýork awtosalonynyň esasy premýeralary

  • 30.03.2026 15:52
  • 4.3k+

Nýu-Ýork şäheri birnäçe günläp awtoulag dünýäsi üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. 3-12-nji aprel aralygynda Jacob K. Javits Convention Center sergi merkezinde Demirgazyk Amerikanyň iň gadymy we iri awtoulag sergileriniň biri bolan Halkara awtoulag sergisi geçiriler.

Sergide önümçilik modelleri we geljegi uly işläp düzmeler görkeziler. Biz çäräniň iň garaşylýan ilkinji görkezilişlerini belläp geçeris.

Toyota Highlander

Iň köp gürrüňi edilýän, ilkinji görkeziljek awtoulaglaryň biri — doly elektrikli Highlanderdir-iň täze nesli. Modeliň daşky görnüşi düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy we häzirki wagtda amerikan modelleriniň hatarynda ilkinji gezek üç hatarly elektrik krossoweri bolup durýar.

Salonda ýedi oturgyja çenli orun, Toyota Audio multimedia we Toyota Safety Sense sürüji kömek ulgamy bar.

XLE we Limited görnüşleri öň tigri ýa-da ähli tigirleri hereketlendiriji bilen elýeterlidir. Kuwwaty 338 at güýjüne ýetýär. Awtoulag daşarky enjamlar üçin energiýa çeşmesi hökmünde hem ulanylyp bilner.

Volkswagen Atlas

Atlas-yň ikinji nesli Kanadanyň agyr gyş şertlerinde synagdan geçirilenden soň çykarylýar. Krossower MQB Evo platformasy we täzelenen turbo hereketlendiriji bilen üpjün edilen. Esasy wersiýada ol 268 at güýjüni öndürýär, ýöne has uly wnedorožnik üçin çekijiligini takmynan 400 Nm-a çenli ýokarlandyrmak mümkin. Öndüriji berklige we köpugurlylyga ünsi jemleýär.

Infiniti QX65

Täze QX65 krossoweri Monograph konsepsiýasynyň nusgasydyr. Kapotyň aşagynda 272 at güýjüni öndürýän üýtgeýän basyş gatnaşygy bolan 2,0 litrlik turbo hereketlendiriji ýerleşýär. Geljekde has güýçli V6-nyň peýda bolmagy mümkin. Bu brendiň özboluşly dizaýnly premium krossower segmentinde özüni görkezmek synanyşygydyr. Ýeri gelende aýtsak, biz bu model barada öňem jikme-jik gürrüň beripdik.

Ford Mustang

Ford duýgulara ünsi jemleýär. Mustang GTD modeliň iň ekstremal ýol wersiýasydyr, Dark Horse SC bolsa, 5,2 litrlik V8 hereketlendirili 700 at güýjünden hem geçip bilýär. Ol karbon diskli, güýçlendirilen tormozly we ösen asma ulgamly ýol toplumy bilen gelýär. Bu indi ýöne bir sport awtoulagy däl, eýsem adaty ýollarda sürmäge ygtyýar berlen ýaryş ýoly üçin tehnikadyr.

Satuwyna ýazda başlamak meýilleşdirilýär.

Ford Bronco RTR

Bronco RTR ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen. Model güýçlendirilen asma ulgamy, ýörite amortizatorlary, ýerden beýikligi ýokarlandyrylandygy we 33 dýuýmlyk tekerleri bilen tapawutlanýar. Kapotyň aşagynda 304 at güýjüne eýe hereketlendiriji bar. Inženerler çylşyrymly relýefli ýerlerde dolandyrylyşyny gowulandyrmak üçin agyr hereketlendirijini bilgeşleýin aýyrdylar.

Satuwyna güýzde başlamak meýilleşdirilýär.


şu gün 09:56
90

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.4k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....