«Jumanji 3» filminiň premýerasy 25-nji dekabra geçirildi

  • 29.03.2026 23:43
  • 2.8k+

«Jumanji 3» filminiň dünýä derejesindäki relizi iki hepde yza süýşürildi — premýera 25-nji dekabrda bolar.

Aslynda filmiň ekrana çykmagy 11-nji dekabra meýilleşdirilipdi. Premýeranyň wagtynyň üýtgedilmegine filmi Roždestwo mynasybetli dynç alyş döwründe görkezmek islegi sebäp bolandyr diýlip hasaplanýar.

Üçünji bölümiň sýužeti ýene-de ýetginjekler toparynyň başdan geçirýän syrly wideooýny bilen baglydyr.

Rollaryna Dueýn Jonson, Kewin Hart, Jek Blek, Karen Gillan we Denni DeWito ýaly aktýorlar gaýdyp geler. Taslamanyň režissýory we ssenariçisi Jeýk Kezdan bolar.

Ozal bu üçünji filmiň franşizanyň jemleýji bölümi bolup biljekdigi habar berlipdi. Şeýle hem täze bölümiň 1995-nji ýyldaky asyl filme has ýakyn boljakdygy bellenildi.


düýn 23:54
388

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....