Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

  • 30.03.2026 13:18
  • 8.5k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş tapgyrdan soň 12 utuk bilen barýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň topary Aşgabatda geçirilen oýunda Tailandy 3:1 hasabynda utmagy netijesinde toparçada birinji orny eýeleýär. Hut şu netije häzirki wagtda orunlaryň paýlanyşynda esasy roly oýnaýar. Tailand bolsa şol bir dört ýeňiş we bir ýeňliş bilen ikinji orunda durýar.

Indi bolsa ähli zat Bangkokda çözüler. 31-nji martda «Rajamangala» stadionynda Aziýa Kubogy — 2027-ä gönüden-göni gatnaşmak hukugyny haýsy toparyň aljakdygyny kesgitlejek duşuşyk bolar. Ýollama almak üçin Tailanda diňe ýeňiş gerek. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna bolsa deňme-deň oýnamak hem ýeterlik.

Utuklar deň bolan ýagdaýynda, hut ýüzbe-ýüz duşuşyklar aýgytlaýjy faktor bolýar. Bu hem öňümizdäki oýny hakykatda toparçanyň finalyna öwürýär.

Toparçanyň beýleki agzalary — alty utugy bolan Şri-Lanka we entek hiç hili utuk toplap bilmedik Hytaý Taýbeýi eýýäm bäsleşikden çykdy. Olaryň bu ýaryşdaky ýoly tamamlandy we esasy üns indi iki lideriň duşuşygyna gönükdirilýär.

Toparçanyň ýeňijisi 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogyna gönüden-göni hukuk gazanar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 16:30-da başlanar.


şu gün 13:40
3.7k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......