«Barselona» Rafinýanyň şikesi üçin FIFA-dan 140 müň ýewrodan gowrak öwez tölegini alar

  • 30.03.2026 20:33
  • 9.8k+

«Barselona» hüjümçisi Rafinýanyň Braziliýanyň milli ýygyndysynyň Fransiýa garşy geçiren duşuşygynda (1:2) alan şikesi üçin FIFA-dan öwez tölegi berler.

Klubuň habar bermegine görä, oýunçy sag budunyň yzky myşsasynyň şikeslenmegi sebäpli takmynan bäş hepdelik oýundan çykdy. Bu möhlet FIFA-nyň klublary goramak maksatnamasy boýunça tölegleri almak üçin zerur bolan iň pes möhletden, ýagny 28 günden köpdür.

Öwez töleginiň hasaplanylyşy 23-nji aprelden başlanar we her gün üçin 20 548 ýewro bolar. Eger dikeldiş işleri bellenilişi ýaly bäş hepde dowam etse, klub azyndan 143 836 ýewro alar. Oýunçynyň meýdança dolanmagy has uzak wagta çekse, bu möçber her goşmaça gün üçin artyp gider.

Tölegleriň iň ýokary möçberi 7,5 million ýewro bilen çäklenýär, öwez töleginiň möhleti bolsa 365 günden geçmeli däldir.


17.06.2026 11:14
8.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

17.06.2026 09:46
11k+

Bu üýtgewsiz düzgüne garşy! FIFA Trampa DÇ-2026-nyň ýeňijisine Dünýä kubogyny gowşurmaga rugsat berer

Halkara futbol federasiýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islegini ýerine düşürdi we oňa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň jemleýji sylaglama dabarasynyň üýtgewsiz düzgünini bozmaga rugsat berdi. Bu......

10.06.2026 17:32
8.1k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......