Ýannik Sinner we Arina Sobolenko Maýamidäki ýaryşyň ýeňijileri boldy

  • 30.03.2026 20:41
  • 2.3k+

Dünýäniň ikinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçirilen «Masters» ýaryşynyň finalynda çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 9,4 million dollardan geçýär.

Duşuşyk 6:4, 6:4 hasabynda italiýalynyň peýdasyna tamamlandy. Sinner ýaryşda ikinji belgi bilen, Legeçka bolsa 21-nji belgi bilen ýerleşdirilipdi. Tennisçiler kortda 1 sagat 33 minut sarp etdi.

Sinner möwsümdäki ikinji, karýerasyndaky bolsa 26-njy kubogyny gazandy. Onuň hasabynda «Australian Open» ýaryşynda iki ýeňiş, «Wimbledon» we «US Open» ýaryşlarynda bolsa bir ýeňiş bar.

Zenanlaryň arasynda Maýamide geçirilen WTA 1000 ýaryşynda belarusly Arina Sobolenko ýeňiji boldy. Ol finalda amerikaly Koko Gauffdan 6:2, 4:6, 6:3 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, 27 ýaşly Sobolenko Maýamidäki titulyny üstünlikli gorap, Eşli Bartiniň döwründen (2019 we 2021-nji ýyllar) bäri bu ýaryşda bassyr iki gezek ýeňiji bolan ilkinji zenan tennisçi boldy.

Bu ýeňiş Sobolenko üçin WTA-nyň ýekelikdäki ýaryşlarynda 24-nji tituly boldy. «Uly tuwulga» ýaryşlarynda belarusly tennisçi dört gezek ýeňiş gazandy: iki gezek «Australian Open» (2023, 2024) we iki gezek «US Open» (2024, 2025). Ol 2024-nji ýylyň oktýabrynden bäri WTA reýtinginde birinji orny eýeleýär.

Maýamidäki ýaryş abraýly WTA 1000 kategoriýasyna degişli bolup, gaty kortda geçirilýär. Şu ýyl baýrak gaznasy 9,4 million dollardan gowrak boldy.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......