«Geçmişiň kölegesi»: Piter Jekson «Ýüzükleriň hökümdary» boýunça täze film taýýarlaýar

  • 30.03.2026 15:40
  • 2.1k+

Warner Bros. kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary» (Властелин колец) äleminde «Geçmişiň kölegesi» (Тень прошлого) atly täze filmiň üstünde işleýär. Bu barada režissýor Piter Jekson habar berdi.

Filmiň ssenarisini telealypbaryjy Stiwen Kolber, onuň ogly Piter MakGi, şeýle hem ilkibaşdaky trilogiýanyň döredilmegine gatnaşan Filippa Boýens ýazar. Filmiň 2027-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilen «Gollumy awlamak» (Охота на Голлума) filmi çykandan soň ekrana çykmagyna garaşylýar.

«Geçmişiň kölegesiniň» sýužeti Frodonyň ölüminden 14 ýyl soň bolup geçýär. Sem, Merri we Pippin dostunyň hatyrasyny tutmagy ýüreklerine düwüp, täze syýahata ugraýar. Şol bir wagtyň özünde, Semiň gyzy Eleonor bir syryň üstüni açýar we näme üçin Ýüzük urşunyň entek başlanmazdan ýeňlişli bolup biljekdigini anyklamaga synanyşýar.

Filmiň ekrana çykjak anyk senesi we režissýorynyň ady häzirlikçe aýan edilmedi. Mundan ozal «Gollumy awlamak» taslamasyna Keýt Winsletiň goşulandygy habar berlipdi. Şeýle hem şol filmde Ien MakKellen, Elaýja Wud we režissýor hökmünde çykyş edýän Endi Serkins hem peýda bolmaly.

Stiwen Kolberiň aýtmagyna görä, «Geçmişiň kölegesi» üçin ideýalaryň bir bölegi «Ýüzük doganlygy» kitabynyň gahrymanlaryň Köne tokaýlyga düşüp, howp bilen ýüzbe-ýüz bolýan we olary Tom Bombadiliň halas edýän bölümine esaslanýar.


düýn 23:54
388

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....